Ï Türkmenistanyň Kanuny <br> Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny <br> Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşmaça girizmek hakynda

view-icon 16602
I. 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan, 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 28-nji madda, № 4, 72-nji madda; 2011 ý., № 1, 20-nji madda, № 3, 55-nji madda; 2012 ý., № 3, 66-njy madda; 2013 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 44-nji madda, № 2, 77-nji madda, № 4, 145-nji madda; 2015 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 144-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji madda, № 4, 163-nji madda; 2017 ý., № 1, 29-njy madda, № 2, 75-nji madda, № 3, 106-njy madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 2, 35-nji madda; 2019 ý., № 2, 27-nji madda, № 4, 88-nji madda) 119-njy maddasyndan soň, şu mazmunly maddany goşmaly:

«1191 madda. Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keselini bejerişden zandyýamanlyk bilen ýüz döndermek we ony ýokuşdyrmak

(1) Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keselini bejerişden zandyýamanlyk bilen ýüz dönderip, gaçyp, başga adamlary bu keseli ýokuşdyrmak howpuna görnetin goýana, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleri gaýtadan edene ýa-da şeýle etmişler adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keseli bolan adama bejergiden gaçmaga ýardam edene, üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 263-VI.